turkmeninternet
:: TurkmeNNet netijeleri :: (3327 Reads)
Posted by
Atamyrat
on Monday, May 23, 2005 - 11:36 PM
TurkmeNNet nädip döredi? Maksady nämedi? Näme işler edildi?
10 aýlyk netijeler nähili? Ösüş barmy? TurkmeNNet-iň gysgaça taryhy we ş.m.
--------------------------------------------------------------------- TurkmeNNet access statistics berýän maglumatlaryna görä,
08.2004-den bäri 36020 sahypa görkezilipdir, 17 şu gün we 131 düýn.
10 aýyň dowamynda,
- 51 sany ulanyjy bellige alynypdyr(1).
- 8 sany makala çap edilipdir.
TurkmeNNet, Muhammed Mammedowyň tm_informatikleri@yahoogroups.com-a
iberen "Klubumyzyn Taze Döwri - IT.turkmenweb.com : pikirleriniz ??? "
mowzukly hatyndan gelip çykdy.
Ol hatda şu setirler bardy:
"Oglanlar size ssupper bir teklipim bar: Su klubumyz yaman gowy bolyar oydyan bizin ucin. Ony basgalara yayratmak ucin "IT.turkmenweb.com" adresi acaly(su wagtky yahoogroups linkini hem anryk goyaryz.) diyyan we hemmelere bu adresi bereli, hatta bizin klubyn signature "Egery Tьrkmen Informatikleriniт jemgyэetinden aэrylmak.." bolumune hem goyaly... Ol adresin webmasterligini hem barden oglanlardan seceriz(menem komeg ederin) olara men ftp name gerek bolsa adres bererin.. bu klubun en aktif uyelerine de turkmenweb.com POP3 email bereriz.. koroce ediljek zatlar kop isledikten son :)... kabirler anyryk tuturial yazar (maksat animation barada:))... butin sponsorship by turkmenweb
Men bu linki www.turkmenweb.com adresine hem goyaryn, sondanam goni google'da dagy hem cykar.. Ol adresi hem DMOZ directorisine gosaryn - anyrdan bilisiniz yali hemme serch enginler alyar datany.. "
http://groups.yahoo.com/group/tm_informatikleri/message/1151
Sonra her kim öz pikirlerini, tekliplerini aýtdy we orta TurkmeNNet çykdy.
Başda adres it.turkmenweb.com boljakdy, ýöne Nazar Mämmedowyň
"IT sözi türkmen-it diýeniňde birhiliräk gelýär" pikiri bilen ol at üýtgedildi.
TurkmeNNet-den goldaýanlar köpdi, garaşylýan zat hem köpdi.
Elbetde, aktiw adamyň azlygyny hem Parahat Meläýew göz öňüne alypdy.
Soňra, "ähli türkmenlerden ak pata" alynyp, turkmennet.com açyldy.
Dogrysy özüm şeýleräk garaşýardym: forumlarda bir süri ulanyjylar
dürli-dürli mowzuklarda gürrüň edýärler, bir süri tutoriallar we ş.m.
Ertesi gün gelip gördüm. Meni gynandyran zat, registered users: 4
diýip ýazylgydy.
Ýuwaş-ýuwaşdan adam üýşirdik. Tanaýan-tanamaýan hemme kişime
aýdyp çykdym(yk). Habarlar, Makalalar görünmäge başlady. Forumlarda
gürrüňler bardy, ýöne "arzuw" edişim ýaly bolmady. Sebäbi "işjeň" adamlar
azlyk edýärdi.
Wahh, "işjeň" adamlar azda..., ýogsam TurkmeNNet şu wagtkydan
näçe esse ösen bolardy.
Hasabatlaryň görkezmesine görä, ýeterlik "adam" bar,
ýöne näme üçin olar "işjeň" däl?!
Düýn 131 kişi gelipdir, ýöne näme üçin sanaýmalyja adam forumlarda
ýazýarlar?
Myhmanlardan haýyşym! Eger gelip okaýan bolsaňyz, bir zatlar ýazyň,
bize goşylyň!
Our aim is to fulfill the need of support for IT and computer sector in whole in Turkmenistan. Let's join our skills and ideas here and help others who needs it!
Go and check our Forums
http://forum.turkmennet.com
Edilen işler barada durjakdym, ýatdan çykypdyr!
Gysgaça şu ýerde aýdaýyn.
Soňky günlerde, forumda öň görülmedik "gowy" hereketler bar.
- Sözlük başlatdyk. Men terjime edilen termleri bir faýla topladym.
~46 söz terjime edilipdir.
- TK-Keyboard ýazyldy. Sag bol, Gurban!
- "Tips&Techniques for everyday use" atly täze dokument başlatdyk. Her kim
Unix tipleri iberýärler. Gaty gowy iş bolar!
- we ş.m. Özüňiz baha beriň.
Işe gatnaşan hemme kişä sag bolsyn aýdýaryn.
{gurban, gex, mm, parahat, chishik, bat.men, ~SWORDS~,nury,balicity,Guest }
adyňyzy galdyran bolsam bagyşlaň.
| TurkmeNNet netijeleri | Log-in or register a new user account | 2 Comments | |
|
| |
| Comments are statements made by the person that posted them. They do not necessarily represent the opinions of the site editor. |
Re: TurkmeNNet netijeleri(Score: 1)by Atamyrat (atamyrat@gmail.com) on May 23, 2005 - 11:54 PM (User information | Send a message |
| listden mc_merv galypdyr... |
Re: TurkmeNNet netijeleri(Score: 1)by Admin (infoDELETETHIS@turkmennet.com) on Jun 04, 2005 - 07:15 PM (User information | Send a message http://www.turkmenweb.net) |
|
Atamyrat meni gowja tutupsyn, yahoo'ya baryp shol posty taptyn :) " Ol hatda şu setirler bardy: "Oglanlar size ssupper bir teklipim bar ... " Yazyn ucin sagja bol. |





