turkmeninternet

 :: Sahypany internete zyň, jübä düşýänçä ýa pelek :: (2079 Reads)

Posted by balicity on Tuesday, May 24, 2005 - 07:31 AM

Käbir ýerlerde websahypa açdym ýöne hiç kim gelenok diýen ýaly zeýrençler eşitdim we okadym. Şu barada öz pikirimi şeýle beýan etjek.
Umuman aýdaňda adam akylly janawer bolany uçin ol bir işe baş goşanda ýa ruhy ýada maddy lezzet almak isleýär. Her bir websahypa edýän adam hem öz proektine başlanynda özüne şeýle soraglar soramaly.

1. Men şu proekti näme üçin edýärin? Mysal üçin jogaplar şeýle bolup biler.

a)Bu temada gyzyklanýan beýleki adamlar bilen bilýänlerimi paýlaşmak we ösdürmek üçin.
b)Websahypa düzmäni öwrenmek üçin.
c)Meşhur bolmak üçin

Şeýle jogaplary berenleriň proektleri has kynlyk bilen işlärmikä diýän.

d)Internetde men açanym ýaly sahypa ýok.
e)Ysraýyl-Palestine ýada Çeçen konfliktini çözmek isleýärin.
f)Dünýäni halas edeýin.
g)Bir sahypa bolsa bir peýda, türkmenneti türkmençe sahypadan dolduraýyn.

Şonuň üçin haýsy hem bolsa bir işe baş goşanymyzda edişimiz ýaly websahypa açanymyzda hem şeýle pragmatiki pikirlenmek örän peýdalymyka diýärin soň ýadap käýinmez ýaly. Elbetde çykdajylar hem bar olary hem göz öňünde tutmak gerek. Eden çykdajyň gazanjak peýdaňdan(bu peýda ruhy lezzet hem bolup biler diýip ýokarda belledim) az bolsa täzeden gözden geçirmeli planlary.

Bir websahypanyň başa barmagy üçin bolsa gysgaça aşakdakylary etmek gerek diýip pikir edýärin.

a)Kime ýüzlenilýändigini kesgitlemek. Meselem www.turkmendili.com bolsa türkmen dili bilen gyzyklanýanlar we ol hakda maglumat gözleýänlere ýüzlenýän sahypa göz öňünde tutulýar. Şol sahypanyň içine diňe türkmen baýdak, gerb we ş.m. goýulsa ýada türkçe zatlardan doldurulsa hiçkim gaýdyp gelmez diýip ömründe internet diýlen zadyň adyny hem eşitmedik Bayramalyň wokzalyndaky çigit satýan daýzalar hem arkaýyn garantiýa berip biler. Sahypa gelenler islän zadyny tapmasalar we aldansalar ol sahypanyň abraýy gaçýar.

b)Şol ýüzlenilýän adamlara ulaşmak. Internetde şeýle sahypanyň bardygyny illere aýtmak gerek. Google ýaly sahypalardan gözläp tapylýan hem bolsa häzire çenli iň gowy usul e-poçta arkaly habar bermek bolup durýar diýip pikir edýärin. Sahypaňyzyň bardygyny hiç kim bilmese olar gelmejekdigini Baýramalyň wokzalyndaky çigit satmaýan daýzalar hem garantiýa berip bilerler.

c)Sahypany täzelemek. Öňem bir gezek biriniň "çorbanyň çorbasynyň çorbasy" diýşi ýaly. Sizem sahypanyň mazmunynyň mazmunynyň mazmunynyň mazmunyny goýsaňyz, ýagny täzelemeseňiz ýada goşmasaňyz hiç kim gelmez. Olar size sahypanyň myhmanlarynyň myhmanlarynyň myhmanlaryny ibermek bilen çäklenmeli bolarlar. Şonuň üçin hem sahypany täzelemek we oňa mazmun goşmak gerek.

Bu ýerde ýazanlarym uly iliň(uly il diýýänim tutuş dünýä) bilýän zatlary. Ýöne türkmennetde biz türkmenler yza galdyk, galýarys şoň üçin hem öz kemçiliklerimizi utanman birbirimize aýdyp geljege bagtly garaýarys.

Bir höweslendiriji mysal bereýin. Özüm türkmençe sözlük sahypasy ýasadym. Ýöne şeýle gyzyklanyp etdim; soňra bolsa şol sözlük sahypasyna seredip käbir terjime firmalary maňa ýüz tutdy meniň adresimi sahypadan tapyp. Soň şol firma bilen iş salşyp birazajyk pul gazandym. Diýjek bolýan zadym "almany göge zyň ýere düşýänçä ýa pelek." Meniň mysalymda bolsa "sahypany internete zyň, jübä düşýänçä ýa pelek." Haçan nirden nähili peýdasy boljagy belli däl.

Ýöne gorkunç zatlar goýup sahypada milletparazlyk, tireparazlyk ýada jynsparazlyk ýaýratsaňyz onda duşmanlaryňyz hem köpeler. Bu hem bir bellemeli zat.

Eger Baýramalyň wokzalyndaky daýzalardan IT barada maslahat almak isleseňiz 50,000 manat möçberindeki pul tölegini meniň aşakdaky hasabyma goýuň.

Daýzabank Paýdarlar Jemgyýeti
Baýramaly bölümi
0239804329840 TMS
SWIFT 9879

Goý türkmennet össün.
Öz başlygyňyz,
Balicity.

Bu ýazgy şol bir wagtyň özünde aşakdaky adresde neşir edildi.
http://pankelle.blogspot.com

SS(SözSoňy):Bank we daýzalar hakda aýdanlarym oýundyr.
Send this story to someone Printer-friendly page

Sahypany internete zyň, jübä düşýänçä ýa pelek | Log-in or register a new user account | 1 Comment
Comments are statements made by the person that posted them.
They do not necessarily represent the opinions of the site editor.

Re: Sahypany internete zyň, jübä düşýänçä ýa pelek

(Score: 1)
by Admin (infoDELETETHIS@turkmennet.com) on Jun 04, 2005 - 07:24 PM
(User information  | Send a message http://www.turkmenweb.net)
" internete zyň, jübä düşýänçä ýa pelek "
Yaman dogry soz. Sonun ucin men Turkmenweb komandamyza hemise seyle aydip duryan "Tiz is etman, professional is edin". Wagt alsyn, derlap ugra, yone eden isin gowy en esasanam birileri ucin peydaly bolsun.

*Balicity, blogyna hem serettim, gowja bolupdyr. Ussunlikler arzuw edyarin
mm