turkmeninternet

 :: Internetde türkmençe kime gerek? :: (2040 Reads)

Posted by balicity on Sunday, June 05, 2005 - 12:51 AM

Ol-ha internetde ekeni türkmennetde hem türkmençe sahypa tapaýmak gaty kyn; tanyşüsti bilen tapaýmasaň. Beýle sahypalar näme üçin şeýle az? Bu meň pikirimçe gyzykly sorag. Şoň üçin hem bu temada öz pikirlerimi siz bilen paýlaşaýyn diýdim. Ilki bellemeli zat elbetde internete baglanmak mümkinçiligi türkmenlerde örän az. Köp türkmen daşary ýurtdan internete girýär. Bu türkmenleriň köpüsi rus, iňlis, türk dilleriniň iň azyndan birini gowy bilýär. Bu dilleri bilseň esasan-da iňlis we rus dillerini bilseň internetde islän zadyňa ýetmek gaty kyn däl. Aýdym-saz, hezillik, anekdotlar, tehniki maglumatlar internetde dökün.

Şu ýagdaýda türkmençe sahypalar arkaly şol bir maglumatlary türkmençeden başga has ýaýbaň dilleri bilýän adamlara okatmak we ýaýratmak gaty bir akylly pikir däl. Sebäbi dil aragatnaşyk serişdesi hökmünde neýtral. Ýagny haýsy sahypa has köp we peýdaly maglumatlar berip bilýän bolsa şol sahypa adamlar gidýärler, onuň haýsy dildedigine garamazdan. Diňe türkmençe bolandygy sebäpli adamlaryň bir sahypa gelmegine garaşmak saglyga peýdaly däl. Bir dili bilseň bir adam diýip köne türkmenleň sözi hem bar.

Diýmek türkmençe sahypalaryň aýratynlygy iň azyndan iki sany (1)biri daşary ýurt dillerini bilmeýän türkmenlere ýüzlenmek - rusça düşünmeýän gaty azmyka diýýän.(2)beýleki sahypalaryň türkmennetçilere hödürläp bilmeýän mazmunyny hödürlemek. Meň pikirimçe ikinji husus has möhüm. Meselem http://www.tmhits.com sahypasy şuňa mysal bolup biler. Türkmençe aýdymlary bize diňletjek türkçe ýada rusça sahypa gaty az. Şoň üçin türkmenler bu sahypany bilýän bolsa göni gelerler. Türkmençe bolany üçin däl-de, türkmenistanlylara degişli örän peýdaly maglumatlar we aýdymlar berýändigi üçin gelerler.

Şeýlelikde bir sahypanyň diliniň esasy kesgitleýijilerinden biri ykdysady maksatmyka diýýän. Her bir internet proektiniň aňyrsynda bir ykdysady maksat ýatsa şol internet proekti üstünlikli işlär diýip pikir edýärin. Bu ýerde ykdysady diýýänime pul ýa-da açgözlük diýip düşünmeli däl. Ykdysadyýet sözüniň manysy nämäni nirä nahili sowmalydygyny bilmekden gelip çykýar. Meselem, şoň üçin bir proektiň özeninde geljekki bir uly proektiň hamyrmaýasy bar bolup biler.

Türkmennetçileriň sany köpeldigiçe olary öz sahypasyna getirmek isleýänler olara gönükdürülen mazmunlary hödürlemeli bolarlar, şeýdip hem türkmençe sahypalar köpeler. Munuň üçin bolsa elbetde internetiň türkmenleriň arasynda ýaýbaňlaşmagyna garaşmak galýar. Gepiň tümmek ýeri pikirimi jemlesem: Internetde web sahypa ýada proekt döredip bilýän türkmenler az däl. Gep olaryň türkmençe bilmeýänliginde ýada türkmençe sahypa ýasamak islemeýänliginde hem däl. Gep türkmençe sahypalara talap ýok ýada örän az. Ykdysadyýetiň iň esasy kanuny internetde hem işleýär.

Diňläniňiz üçin köp sagboluň. Indiki gezek kellaňizi agyrtýançam hoş wagtyňyz
Balicity

Bu ýazgy şol bir wagtyň özünde aşakdaky adresde neşir edildi.
http://pankelle.blogspot.com
Send this story to someone Printer-friendly page

Internetde türkmençe kime gerek? | Log-in or register a new user account | 0 Comments
Comments are statements made by the person that posted them.
They do not necessarily represent the opinions of the site editor.